Surat

Diýilýän zat

Seni gülki edýän dünýä,
tahýa bilen, telpek bilen,
tans etdirip däli ýaly,
giň meýdana ýazyp haly,
bilip, bilmän, ýarag bolup,
o biriniň elinde, täk
galmak üçin kürsüsinde,
diýýär daşdan seredýäne,
synlaýana biz bir nadan,
bilmeýäris kada näme,
kanun näme, ýa ýaşamak,
adam ýaly, mertbeli,
bir-biregi sylap, gorap,
gyşda gardan, tomus ýelden,
şonuň üçin gaçjak bolýar,
iliň ýary, gelse elden...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026