Ýalançy päl

Dogry diýdi adam gülüp,
garaňkyda doguldym men,
ýatan wagty adamlaryň,
ýel turansoň, simler gyrlyp,
elektrik kesilipdir,
ýöne bu öň, kän ýyl ozal,
öten agşam bolan iş däl,
düşünýärin kime, nämä
gara ýa-da ak diýýärler,
ýa iýýärler kimiň hakyn,
ýerin alyp, suwun alyp,
basyp alyp ýurdun, tutuş
türme edip ülkesini,
näme üçin gerek töhmet,
ýa adalat, kanun, kada,
kagyzdaky, hakyky däl,
iň gysgasy gepiň, sözüň,
ýykýar bizi ýalançy päl...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026