Köne heň
Seniň näme ýazýanyňy bilenok,
seniň nämä ýanýanyňy bilenok,
okanok, diňlänok, biljek bolanok,
düşünjek bolanok seniň derdiňe,
öz derdine, iň ýamany, ýarym aç,
näme diýip, aýdyp, haýsy işleri
etjek bolduň, ýetjek bolduň nirä sen,
ýa ýetirjek bolduň il-günüň nirä,
işi ýok oň, adyň çyksa, çydaman,
jübüsinde gysyp, döwýär ýumrugyn,
haýyrmy sen, zyýanmy sen, biljek däl,
ýöne seni entetseler, köşeşjek,
garalasa, ýaralasa şermende,
ýüzi gülýär, belki, edip bilmedik
işin edýär töhmet atýan hökümet,
ýyl kesýär ol saňa açylmanka iş,
maşynyňy, öý goşuňy satdyrýar,
satdyrýar aýalyň şaý-sepin, daşdan
bergä batar diýip, gynanan bolýar,
bu doganmy, garyndaşmy, keseki,
kärdeşiňmi, çala tanyş, nätanyş,
köp gördüň sen il-ulusyň ýagdaýyn,
şonuň üçin gep gezdirýän duşanda,
ýok, ýok diýýäň diýse bir zat aýdaýyn..