Borç oýny
Gidenler borjuny ýerne ýetirdi, Bizem borjumyzy ýerne ýetirdik. G.Ezizow
Uruş başlananda, diýipdir biri,
o birleri ok-därini bol eder,
bu birleri pulun berer gysganman,
garyp-pukaralar berer çagasyn,
alajy ýok, gelsin diýip sag-aman,
uruş soňlananda, diýipdir biri,
elin gysar o birleri beýlekiň,
uly, gowy iş edýän dek ahyry,
bu birleri galdyr azyk bahasyn,
hözirini görmek üçin söwdanyň,
a ýoksullar gözlär mazarlaryny,
urşa giden çagasynyň, hemmeler
bilýär muny, ýöne biri bilýäniň
ýüzün açýar uruşlaryň, gazaply,
gadagan ediljek sözleri bilen,
orden, medal aljak bolman ganhordan,
beýlekisi, dogan diýip ezijä,
ekdi bolýar ýaş başyndan ýalana,
iň bolmanda dymsa, ballada ýazýar,
gözün ýumup ýurdy gowga salana...