Söz azatlygy

Kürsi ýeten kümsüge,
gorkup ýatyp bilmeýän,
däl diýeňde däline,
ýa-da diýjek bolaňda,
däli diýse, geň galma,
jenaýatçy diýse, atsa
tapan ähli şylgatyny,
hem hantama sürüsini,
basyň diýip küşgürse,
geňirgenme türmä düşseň,
bir gezek däl, iki gezek,
soň daşarda gynanma,
düýn-oňňunky pikirdeş,
tarapdary ezileniň,
hak ugrunda göreşýän,
däl ýerine däl diýseň,
görnüp duran, gizlin däl,
alynýan dek kürsüsi,
hyýalynda oturan,
diýmez saňa nämeler,
gulaklaryň tutmaly,
bu bir oýun, belki-de,
diňe şerraý utmaly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026