Surat

Ösmedik halk

Biz ösmedik, nadan diýseň,
agzy ala, tire-taýpa,
bölünen biz, birleşmedik,
ýigrenýäris bir-biregi,
ösmedik sen, nadan, dogry,
basyp alan, ýaragy zor,
ata-babaň diýip ogry,
alamançy din-imansyz,
a biz diýip perişde dek,
ýuwup bilse beýniň näçe,
şonça saklar gülüp uzak,
içiňdäki ýazyjylar,
ýa beýleki bilen, satlyk,
ezer seni, azat etmez,
hyzmat etseň guly ýaly,
gelen myhman gitmez aňsat,
bolsaň mydam puly ýaly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026