Dyza çökene ynanma
Gelen soňra, basyp alyp,
ýa wagtyny bilip, peýläp,
peýdalanyp pursatyndan,
tekizlär-de şäherleriň,
obalaryň bir ujundan,
gömüp guýy, içitleriň,
bozup gadym geçitleriň,
talap öýüň, mal-emlägiň,
gyryp erkek göbeklini,
çöl ýerlere geldim diýer,
gurdum diýer şäher, oba,
gülläp ösýän günbe-günden,
sen ynansaň, sada bolsaň,
goramasaň ýeriň, ýurduň,
öwrenmeseň taryhyňy,
halal diýip ogry-jümrä,
at-abraý, mertebäňi
ýok etjek kän, gülüp, oýnap,
ata-babaň diýip wagşy,
okan bolup, okamadyk,
her bir ýazan ýazyjy däl,
'yzagalak, ösmedik biz,
gülýärdiler gaty' diýse,
geçen duşman tarapyna,
düşün onuň ýagdaýyna,
ýetim, pida oýnun oýnap,
çagasyna kesekiniň
dilin beren, nepi üçin,
öz dilini iten yza,
ynanma sen ak sakgally,
alym bolsun, çöken dyza...