• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Özüňi sylamasaň

“They cannot take away our self respect if we do not give it to them.” M.Gandhi

Olar seniň özüňe
hormatyňy alarlar,
olar seniň iliňe
sylagyňy alarlar,
ýok ederler mertebäňi,
ata-baba adyňy,
el çarpyjy etmek üçin,
ýa ýasamak üçin dymma,
içine alýan derdin,
hemem ölýän iňlemän,
göýä bir iliň merdi...

Olar seniň kesbi-käriň,
hünäriňi alarlar,
çagaňa çörek berýän,
hem bererler ornuň başyn egene,
ýaparlar ýoluňy ýörejek, gitjek,
ýa öýüňe ýetirmejek bolarlar,
galar ýaly ýolda-yzda,
öler ýaly dagda, düzde,
erkiňi alarlar, berseň,
bermeseň köpläp, üýşüp,
her iş bolsa ederler,
oraşan edip düýşüň...

Olar seniň özüňe
sylagyňy alan güni,
ýa-da diýen günüň:
“Aý, bolýa, gitsin”,
erksizleriň ýygynyna goşulyp,
erke, azatlyga garşy
baky urşa girersiň,
sen onsoň ýeň, ýa-da ýeňme,
öz-özüňden irersiň,
öz-özüňi ýigrenersiň...

Sebäbi hak-ýaradanyň
beren erkine garşy,
guran berkine garşy,
hakdan gelen gözellige,
ynama garşy, belki,
imana garşy, belki,
çagalaryň gözündäki guwanja,
eneleriň ýüzündäki begenje,
atalaryň sözündäki söýünje,
ähli gowuluga garşy,
tämizlige garşy, aklyga garşy
göreşýänsiň boş bolsaň,
gutardygyň soňsuz, baky
ýüreksizleň hatarynda hoş bolsaň...

  • 17.11.2013
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019