Aýlyk syrtmagy

Bu bir pikir, meniňki däl,
aýlyk – mydam garaşdyrýan,
ölmez-ödi ýa gowurak,
daňýan müňläp ýaş ýigidi,
gelin-gyzy, ýaşulyny,
sylap ýa-da gowy görüp,
ak göwünden berilmeýär,
berilýär ol daňmak üçin,
el-aýagyň, arzuwlaryň,
unutdyrmak üçin seniň
adamdygyň, azat-erkin,
hem saklamak üçin seni
hammalyga kaýyl edip,
maýyl edip, neşekeş dek,
şu sebäpden begenýärsiň,
diri ýitseň, özüň assaň,
her gün haýdap işe gidip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025