
Kömek howpy
Bile-göre gark edilýän
garyp halkyň wekiline,
iň bolmanda sözde, dilden
kömek etseň azda-kände,
kömek etjek bolsaň ýene,
nebit-gazly, baý döwletde,
başarany pula çümen,
başarmadyk – durşy güman,
ynanmazlar bar-ýoguňa,
ýa-da başga aýdanyňa,
dogan-gardaş diýip hatda,
dostum diýip duz iýşen,
ýa-da okan diýip gowy,
belki, ertir direg boljak,
çörek berjek entän ile,
gaty ýakyn barsaň bilmän,
boýnuňa gol salar, ölmän
sypsaň bagtyň getirdigi,
ýok, ol bilip bogmaz seni,
ýa ýagdyrmaz nälet daşyn,
ejap edip gaçsaň daşa,
galan ömrüň gorkup, titräp,
gezer ýaly düşse ýada,
ýa bu ýerde bardyr duzak,
uzak kömek etjek bolsaň,
gowurak bor dursaň uzak.