Hekem paýlaşygy

O göreşýär, bu göreşýär, öz işi,
ol uruşýar, bu söweşýär, öz işi,
meniňki däl bu göreşler, onuňky,
meniňki däl bu uruşlar, onuňky,
ýa bu açlyk, gytçylygy çöregiň,
o biriniň baý bolmagy çen-çaksyz,
gitsin, olar göreşsinler, öz işi,
gitsin, bular uruşsunlar, öz işi
diýip, galyp bolýan bolsa gyrada,
gal arkadaş, daşdan gülüp garada,
meniň ýolum başga, gowga, galmagal,
başym iýjek nobata dur, mesele
diňe men däl, meniň ýaly galamly,
sözün diýjek bolýanlaryň barysy,
has anygy, paýlaşylýar hekemler,
kim bolmaly indi kimiň darysy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025