Boglan iliň haly

Boglan iller bokurdakdan,
ýuwaş-ýuwaş onda, munda
baş galdyrjak bolýar çala,
hakyn sorap boganlardan,
bilýär olar delalat ýok
gözi bagly doganlardan,
agalardan goly bagly,
deň-duşlardan dili bagly,
çörek tapsa, kaýyl bolan,
gelen talap, aldap, ezip,
oýlanmagy unudan il,
ogul-gyzyn ýat illere
itekleýär diýip gelme,
gal şol ýerde, ezijiler
hem içerde, hem daşarda
hezil etsin diýýän ýaly,
ýüz öwürse özünden il,
ýüz öwürse sözünden il,
okamasa ýazylany,
düşünmese aýdylana,
islemese diňlemegi,
agyr boljak eken haly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025