Bu ýurt

Bu ýurt meniň ýurdum, dogan,
bu ýurt seniň ýurduň, dogan,
ýeri, suwy, daglary-da,
çöllükleri, baglary-da,
nebit-gazy galan bize
atalardan, babalardan,
enelerden, ýurdy goran,
ojaklaryn öçürmän hiç,
iň ir turup, soň ýatyp giç...

Bu ýurt meniň ýurdum, dogan,
bu ýurt seniň ýurduň, dogan,
hiç kim ony jübä salyp,
alyp gidip bilmez bizden,
ýa talamaz baş atmasak,
gorkup ýa-da ogra şärik,
ülpet bolup zalymlara,
muny bilmek üçin, meger,
mätäçlik ýok alymlara,
ýa ýazyjy, žurnaliste,
gara başyn satyn alan,
gije-gündiz ýazyp ýalan.

Bu ýurt meniň ýurdum, dogan,
bu ýurt seniň ýurduň, dogan,
özümizi aldamaly,
biz almasak ele ony,
goramasak ojagyny
her bir öýüň ene ýaly,
ata ýaly, ar-namysly,
her kim alar, eziler il,
a biz mydam garaşarys
adalata, uçýan haly,
ýa at münüp geler öýdüp,
diňläp her bir ertekini,
adam haky bar diýilse,
adam bolsa, boljak, belki,
adam galsa, galjak, belki,
ýöne ezen garaw görmän
adam saýmaz özün ilki,
hudaý saýar, a biz öýde,
aglap haky çagyrarys,
hem öleris, çagamyza
ýurdumyz däl, hasrat goýup,
hiç bir ýurdy basyp alan,
öz-özünden gitmez doýup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025