Surat

Men-menligiň wagty geçdi

Men-menligiň wagty geçdi,
bile bolmak wagty geldi,
bile gülmek wagty geldi,
aglamakdan aýralykda,
ýeke galyp, hiç peýda ýok,
bile durmak wagty geldi,
adamlara, adam bolsa,
diýilse-de dok çaýkanman
açlar doýmaz, garaşmakdan
netije ýok, çünki açlyk,
ýa-da işdä has ulalýar,
basyp alan ýene, ýene
basyp aljak bolýar, alýar,
ýarag edip ähli zady,
ýigrenç berip aç millete,
gahar berip, gazap berip,
duşman diýip beýlekiler,
bölýär ili, dogan, ýegen
duşman bolýar bir-birine,
ilki pida başyn egen,
ogurladan beýnisini,
goramadyk agalaryn,
goramadyk çagalaryn,
çagasyny başgaň bile,
ojagyny goramadyk,
çoýar elin sowan küle...

Bile bolmak wagty geldi,
bile gülmek wagty geldi,
wagty geldi gürleşmegiň,
adam ýaly, gygyryp däl,
bagyryp däl, diňläp ili,
peýdasy ýok men-menligiň,
gaharyň-da, uzak ýerden
porsan bolup birlerine,
görkezmek ol diňe, belki,
sapak alman geçenlerden,
öçenlerden ýyldyz bolup,
ýa gününden il-ulusyň,
akyl-huşuň galanyny
ýitileşmän, çöpe busup...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025