Ýaşalmadyk ýaş

Haýyn öldi ýat ülkede,
öz-özüne zynjyr bolan,
üzüldi, bir halka gaçdy,
syrtmak bolan öz boýnuna,
uruşdan soň doglup, ösüp,
ürküp ýaşan nesildendi,
öňe bakyp, yza tesip...

Partiýanyň agzasydy,
diýmek, hökman uly adam,
möhüm adam bolmalydy,
emma birden bolmasyz iş,
bolmaly iş boldy, öldi
ilki biri liderleriň,
soň ikinji, üçünjisi,
täze, yrga döwür geldi.

Garyp boljak ýokdy, dogry,
galjak ýokdy elgarama,
ýöne birden hemme ogry,
ýa-da gaçan, kowan boldy,
ulyň oýnun oýnap kiçi,
aýagasty bolup galdy...

Tutuş nesil, iki, üç däl,
on adam däl, ilki özün,
yzdan gelýän nesilleri
ösdürmegiň deregine,
tesdirdiler bileleşip,
soň satdylar biri-birin,
düýn-öňňunam duz iýişen,
penjek geýen, galstukly,
ak köýnekli adamlardy,
kime barsaň, haýsyn görseň,
o-da haýyn, bu-da haýyn,
gözün ýumup gürrüň etdi,
tutuş nesil, gürleşmek däl,
birleşmek däl, bahyllygyň
batgasyna batdy, ýitdi...

Haýyn öldi ýat illerde,
haýyn diýip haýynlygyn
bilýänleriň ählisine,
adam satyp, tutdurany,
o biriniň eli bilen,
bu biriniň dili bilen,
çuň çukura atdyrany
galar diýip çykyp bilmän,
gelenleri ýigrendi ol,
diri galyp, maýyp, ölmän,
ýaralanyp ýüreginden,
arkasyndan uranlaryň
bilip bilmän näçedigin,
döwülmedik, işin edip,
gülenleri ýigrendi ol.

Garalady, ýaralady,
dili ýetse, baş ýaragy,
eli ýetse, golsuz ýazyp,
kommunistiň baş aragy,
gabyr gazyp başgalara,
sowadardy içmän için,
köne gylyk sypdyrmady,
nirä gitse gaçyp, göçüp...

Ýaşamady ýaşan ýaşyn,
gybat bilen geçdi ömri,
töhmet bilen geçdi ömri,
öz aýyby - öz duzagy,
aýdar öýdüp bilýän çykyp,
bolan ýaly pil gazygy,
saklap duran, goýbermeýän,
ýylan boldy, ilki çakyp,
awusyny pürker ýaly,
emma kimse deň bolmady,
eli degmän, salgap ony,
tapsyn diýip hudaýyndan,
pahyr, namaz okaýardy,
bekleýärdi agzyn her ýyl,
belki, bilip ýazygyny,
günälerin, geçilmejek,
bir şäherde ýaşalsa-da,
bile kofe içilmejek...

Haýyn öldi, alyp gitdi
özi bilen haýynlygyn,
galdy diňe ýatlamasy,
gürrüň eden öz-özüni
ownuk görüp, duýýar asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025