Adam ruhunyň inženerleri
Olar ýaňam gaty kändi,
onlarça däl, ýüzlerçedi,
ilim-günüm diýip ýanýan,
gije-gündiz ýatyp bilmän,
ýazýan, hökman çap etmeli,
goşgularyn, kyssalaryn,
suratlary bilen bile,
soň öwmeli geniý diýip,
Pyragynyň şägirtleri,
o tiräniň ägirtleri,
bu tiräniň agirtleri,
ýok, bu gowşak goşgy diýen,
ýa bu kyssa diýen telper,
görip bordy özün iýen...
Olar ýaňam gaty kändi,
basyp alan saýasynda,
unudan kim, näme asly,
saklasa bes aýasynda,
gyşa diýip bahar pasly,
ýazýardylar joşup-joşup,
sapalagyn atyp tilkiň,
bary baýrak almalygy,
ady gelip ilden ilki.
Olar şeýle kändi, gazet,
žurnallarda nobat uly,
neşirýatlar, teatrlar,
radio, TW puly,
az bolýardy, ýetmeýärdi,
arza ýazyp golly, golsuz
söweşýärdi olar hakyn,
heşdegini almalydy,
basgançakdan iteklenmän,
has ýokaryk galmalydy.
Olar kändi, belki, şindem
bardyr joşup, ýazyp ýören,
ýöne iliň derdi hakda,
güni hakda, agyr bolan,
öz tiresi hakda hatda,
ýa taýpasy, örän söýen,
aýdyp bilmän aýtmalyny,
diýip bilmän diýmelini,
bu mukaddes, beýik işi
ýurtdan ýanan gelinlere,
haksyzlykdan döwlen dişi,
goýupdyrlar etsin diýip,
ýa çagasyn taşlap yzda,
çörek gözläp gitsin diýip...