Sen duşman eline oýnama, bilseň...

Sen duşman eline oýnama, bilseň,
oýnama duşman meýline,
begendirme ony islänin edip,
ýalňyş ýoldan gidip, azaşyp, ýitip,
soň yzyňy tapman, saçyňy ütüp,
sen duşman eline oýnama, dostum,
dost eline oýna akylyň ýetse,
öz eliňe, iliň eline oýna,
ogluňa, gyzyňa, dogan-gardaşa,
ýakynlara oýna, ýada oýnama,
pikirlenip oýna, sada oýnama,
suwly gidip, suwsuz gelme ýat bilen,
aýagyň duşakly, baglangy eliň,
ejiz hem biçäre galmasyn gelin,
gyzlar, oglanjyklar, ertiri halkyň,
duşmanyň bagyndan agtarma salkyn,
ýöne bil ýat ýakyndanam tapylar,
ýa ýakyn tapylar ýat, uzak ilde,
bu zatlary iş ýüzünde bilmeli,
ýeterlik däl diňe bileniň dilde...

Sen duşman eline oýnama, bilseň,
ýa oýnasaň zeýrenme,
wagtyňy biderek, keýpi-sapada,
boş gürrüňe berip, sowurma ýele,
ýa-da soň zeýrenme, ol eýle, beýle,
seň özüň özüňi edýärsiň özüň,
bu şeýle bolupdy, bolýar, bor şeýle!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024