Howy basylanlar
Bu bir, iki, on adam däl,
wezipeli, kürsi alan,
barmak ýalan, bal tutanlar,
tutmadyklar garym-gatym,
hemme kişi syýasatçy,
bolsun ýa alynsyn aty,
ýa bolmasyn eşegi-de,
habary bar habarlardan,
düşünsün hem görsün gaty,
ýa görmesin, bolýan zatlar
belli, açyk, ýapyk däl kän,
kim nireden ogurlaýar,
kim görkezýär ynha diýip,
oýnap batyr, gahrymany,
kim çekinýär süýji iýip,
bukup malyn, mülkün gowy,
bildigiçe aýbyn millet,
bolýar, belki, basyk howy.