Aňdaky türme
Sen ezijiň telewizor,
radio türmesinde,
ilki bagtly çagalygyň,
soň bagtyýar gojalygyň
bagra basyp, geçirseň hoş,
doglan ýeriň, eneň, ataň
bilmän geçen Sibirinden
girip-çykyp, gazet-žurnal
okan bolsaň gelse täze,
güp ynanyp okanyňa,
aýdylana başyň atyp,
sebäbi il, millet şeýle,
bahanaň bar, sorag berseň,
geň-taň bolar, görler gaty,
bogup içde hakykaty,
käte düýşde gelip-gidýän,
diýýän dünýä barýar nirä,
siz nirede galaýrsyňyz,
iki-ýeke goňşular bar,
biraz başga pikir edýän,
diýýän irdik, ýadagyg-aý,
etjegiňi edip bolmaz,
gitjegiňe gidip bolmaz,
aýdyp bolmaz aýtjagyňy,
bilip ahyr gaýtjagyňy,
aglap içden her baraňda,
soňky tümmek obasyna,
gülen bolup soňra ýalan,
gallaç bolsaň, diýmän gallaç,
bendiligiň boýun alman,
kaýyl bolsaň miras galan
köçelere, kirşen dyzdan,
haýatlara, hyýal, belki,
gözenege, aňa urlan,
gapylara, demir, ýapyk,
azgyrylýan başlyklary
wezipesin satyn alan,
sylamagy dowam etseň,
her gün agşam sana, öňde
näçe günüň bar ýa galan...