Kör sapagy
Eger gözi açylsa,
körüň ilki zyňýan zady
bolarmyşyn hasasy,
sen adama eliň berip,
wagt ýitirip wagtyň ýokka,
aýtjak bolup bilmedigin,
ýa görkezip çukurlary,
öňde duran, sowulmaly,
gynanma soň itse, ursa,
elsiz bolsa, dili bilen,
geçip howply, hatar ýerden,
geregiň ýok diýip indi,
ol girdapda gark bolýarka,
belli dälkä heniz ertir,
ýa birigün boljak zatlar,
çykan ýaly belent ýere,
eden işiň, dik duranyň,
ýol guranyň inkär edip,
basjak bolsa ýüzüň ýere,
aýakgaply, geçmän ätläp,
sylap ýörme adam saýyp,
görüp, bilip näme matlap,
sapak almak däldir aýyp...