Il we sil
Sen eliňi hapalama,
daş, kesegi özüne goý,
zyňjak bolma zyňanlara,
syçramasyn, dili ili,
ýakyn etmän, daşlaşdyrsa,
daşlaşdyrsa, gözün ýumup,
gygyrýanyň biri bolma,
biri bolma sygyrýanyň,
tomaşaçy, piwe içip,
söz üstünde, işden ozal,
tüsse bolma ýanyp, öçüp...
Sözi arly, ýa kineli,
hüjüm bolsa durşy bilen,
ýokdur diýme aňyrsy hiç,
gyzgynyna aýdandyr-la,
diýme, belki, öküner soň,
netijeden çekiner soň,
uly ile ýetse zyýan,
begenmez-ä nätdim diýip,
ara bozup sözi bilen,
görýändir-ä gözi bilen,
iliň halyn, ýagdaýyny,
ýok, görersiň gaýta gülen...
Hatda aýdyp dogry zady,
gerek zady, gürrüň edip
il bähbidin, goralmaly,
aýdyp bolýar kimdigiňi,
sözüň bilen, ýüzüň bilen,
görkezýärsiň ýüregiňi,
niýetiňi bilýär iller,
görýär iller, köpçülik ol,
gaçyp, sypjak bolýan silden...