Garaşanyň göreşi
Müň bir sözden birje surat,
ýeke şekil hakykaty,
ýurt ýagdaýyn, il ahwalyn
açýar gowy, gep-gürrüňsiz,
düşünmejek galmaz ýaly,
ýa-da görüp, ynanmajak,
ýalan diýjek bolmaz ýaly,
garaşmagyň geregi ýok,
başga biri etsin diýip,
aýtsyn diýip çykyp açyk,
ýa göreşsin diýip öljek,
il-ýurt diýip, ganyn saçyp....
Telefonyň bolsa elde,
beg ýoluny, il ýoluny,
garyplaryň halyn görkez,
surata al, ýa ýazgy et,
syzdyrmagyň müň ýoly bar,
kim batgada, kim şaýolda,
ýa tans etse, bol haly bar...
Görýär gözli deňeşdirip,
bilmese-de dilin galan,
lal edilen iliň daşda,
olar ahyr öwrenipdir,
surat alyp, ýazgy edip,
aýdyp bolýar aýtjagyňy,
gaýdyp bolýar gaýtjagyňdan,
ýaşmak ýolun taşlap, besdir
dymyp bildik, ýeter diýip,
kän garaşdy, bugdaý bişse,
bol bor, belki, petir diýip...