Surat

Söz kynçylygy

Sözler bardyr, köpri gurar,
geçit ýasar kyn ýerlerde,
içit gazar Garagumda,
sözler bardyr, ýumrar, ýykar,
ýakar gurlan köpri bolsa,
göwne degjek gatyja söz,
diliň gijäp, öl ýer mydam,
kemsidesiň gelse, gülseň,
ýazsaň, diýseň iki agyz
ýaralajak sözi bilip,
ýa kän bilmän tankyt etseň,
bilmeýäniň açyp, saçyp,
çemçe bilen ýygnanyňy,
ýakyn bolmak deregine,
begenjekmi ara açyp...

Bu köçede, işde bolýar,
göreşlerde bolýar, uly
adamlary ownuk edip,
öýde bolýar, görüp ýörüs,
aýdylan öň, dagy, daşy
ýel bozarmyş, ýagyş bilen,
adamlaryň arasyny,
il-ulusy, ezilýän soň,
dil bozarmyş, biri-birin
goramaga gelmez ýaly,
soramaga gelmez ýaly,
hassa bolsa goňşy-golam,
şaýat hemme, aýtmak artyk,
il samsyk däl, öz ýagdaýyn
görmez ýaly, bilmez ýaly...

Seniň sözüň diňe söz däl,
ýa-da edýän gürrüňleriň,
boş gürrrüň däl, gürrüň üçin,
il ugruna, boş oturman,
bir zat aýdyp galar ýaly,
bolmaz ýaly beýle ýuwaş,
olar uly ýa-da kiçi
gurluşykçy, gurýar täze,
içi suwalmadyk jaýy,
poly indi edilmeli,
gapylary goýulmadyk,
ýa-da täze gatnaşygy,
ynanmaly bir-birege,
ýa ynanman, uruşmaly
deri üçin, soýulmadyk...

Söz görkezer gürleýäniň
kimdigini, pikir etme,
öňe diýip gygyranyň
çagyranyň peýdasy ýok,
yzda bolsaň özüň entek,
bolsaň, belki, aýakbagy,
päliň bilen, ýoluň bilen,
şu wagta çen gelen, geçen,
gürrüň etme çeken ýaly,
ýa-da biraz artyk içen...

Pyragynyň nesihaty,
sözüň, pyglyň bir bolmaly,
niýetiňi gürle diňe,
endik başga bolýar, belli,
sowet däbi – wülli-wülli,
boldy yzdan gelýänlere,
her bir sözüň agramy bar,
hyjuw bersin sözüň seniň,
gyjyt bermän ölýänlere,
açyk etsin açyk däli,
ýürek bersin ýüreksize,
ynam döret, güman gitsin,
sözüň bolsun gowy gural,
gurýan diňe, ýumurýan däl,
gykylyk däl, çykýan üstün,
gygyrýarkaň aldap seni,
seret yza, bes et güýjüň
ýitirmegi batly söze,
wadalara, aňyrsy boş,
sözüň derňe, özüň öwren,
senden öňem bolandyr kän,
geçip giden özünden hoş...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026