Gan duzagy
The colonized man liberates himself in and through violence. Frantz Fanon
Öz ýurdunda ezilen,
erkin elden aldyryp,
ata-baba gulçulyk,
yzy gelmez kemsitme,
açlyk, döwlet sütemi
etden geçip, süňküne
ýetenden soň, ölmese
galýar millet ýerinden,
taşlaýar-da aragy,
ýa tirýegin tapmasa,
ýa tapmasa çilimin,
ýa bolmasa bol nasy,
alýar ele ýaragy...
Bu taryhyň sapagy,
urup, ýenjip, aç saklap,
çagalaryn köçede
el serdirip, goç saklap,
süser ýaly köçede,
ady polis, KGB,
aýal-gyzy basgylap,
gorkak etmek milleti,
utandyrmak, har etmek,
gara suwa zar etmek,
hawa, mümkin, elbetde,
ýöne zorluk sylagy,
ýa hormaty dogurmaz,
dogurar ol zorlugy,
bogaz bolsa är-ärden,
dogmaz diýme içdäki,
ýere salnan mertebe,
görkezer ol iru-giç
görekzene horlugy...
Sana uran taýagyň,
ýaran kelläň keýpine,
el sereni köçede,
agladanyň öýünde,
töhmet atyp, garalap,
jübisine gireniň,
malsyz bolsa, süýrenip,
ölenleri türmede,
gözüň içi gan bolsa,
kömek bolmaz sürmeden...