Surat

Ýowuz jeza

Seniň öz iliňde gadyryň başga,
Birisi gujaklap, sojaýar agyr,
Biri maňlaýyňdan ogşaýar süýji;
Bilýär olar, döwlet sokjakdy ýere,
Hem çykarjak däldi ýetende güýji...

Seniň öz iliňde başga sylagyň,
Biri gelip, bile surata düşýär,
Beýleki soraýar, niçik ahwalyň?
Bilýär olar otdan, suwdan geçeniň,
Hem geçip barýanyň içinden alyň...

Seniň öz iliňde başga ýagdaýyň,
Çünki tanaýan kän, bilýän kän netiň,
Hemem seniň başyň iýjek ýeterlik.
Meger, şondan gitmek gowy kämahal,
Hem daşarda galmak ýurduňa berlip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019