Iki zat

Durmuş iki zatdan ybaratmyşyn:
Ýa ösmeli, ýa-da tesmeli yza.
Ýykylmak ýykylmak dälmişin soňra,
Kynam bolsa, galjak bolýana dyza.

Diýýärler “Ýykylan göreşden doýmaz”,
Ýykylmadyk gorkar ýykarlar öýdüp.
Käbirisi bardyr bil tutup görmän,
Görkezer gapdaldan: “Ýykaý-a şeýdip!”

“Ýalaňajy ursaň, possunly gorkar.”
Bir ýanbaşdan agan gorkuzar müňi.
Ýöne paýlaşmaly, almaly bolsa,
Depeşek bor mydam hataryň öňi...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019