Aňmakmy ýa almak?

Hakykaty ölüp-öçüp gözleme,
Göwnüň geçer görseň düşen gününi;
Ýöne özüň hakykat bol başarsaň,
Etek bilen ýapman Günüň öňüni!

Hem unutma, Aý doganda hemişe
Älem görer, görmedigiň özünden;
Bardyr adam, aýtmanyňa düşüner,
Bardyr adam, tanalar bir sözünden.

“Hä, hawa” diýerler, adatdyr öňden,
Sanaşylmaz her öňýeten biläni.
Her kim barar öz barmaly ýerine,
Her kimiň başyna geler diläni.

Hem geň görme käte sygdyrmasalar,
Ýa taýaklap, kowlasalar bileni;
Aňjak bolmak derdi däldir hemmäniň,
Aljak bolmak heläk eder geleni...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019