Ýalan sözleýäni öçür depderden

Ýalan sözleýäni, çyna berimsiz,
kimem bolsa öçür telefonyňdan,
diňleme nirede, näme sözlesin,
ýa gözlesin, tapar ahyr pälinden
golun çekýän ýazyp berlen gybata,
ýa-da ony gaýtalaýan hüthüti,
uçup gelip ýaradanyň adyndan,
ýaradana dönük bolup gürlese,
şerap içip, şerbet içip ýa göçüp,
çykar, aýyr, zyň kelläňden bir gysym,
papagy dek mynçgalanan Iliçiň,
soň pyýada, ozal mugt düşen ata
çykan hany, öz-özüne mähneti,
peşmek ýaly göge uçan ýel tursa,
zyň, beýnide, hakydada göterme,
ýigrenç sözün sözleýäni, kim bolsun,
ýa-da şahsy hüjüm edýän peselip,
agzy hapaň hapa bolar ýüregi,
nähak gargyş gaýdyp geler yzyna,
ýazan bolsaň, öçür pesiň adyny,
öň kim bolsun, soň kim bolsun, işiň ýok,
tekerine taýak sokar gyssanan,
özi alar, özi gaçyr badyny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025