Bolmaýan köplük

Diýer olar deň bolmaly,
peselmäli pesler bilen,
peseleňde näme boljak,
bilip dursuň, olar häkim,
ýa häkimiň ýanýoldaşy,
gan ýoldaşy, mal ýoldaşy,
biri-birin gorar, durar,
a sen ýeke, şerçi borsuň,
gykylykçy borsuň nähak,
muny görýän, bilýän millet
başyn aşak salyp dymar,
hem köpelder özi ýaly
ýüzi ýerden galmaýany,
diýer olar deň bolmaly,
bolýan edip bolmaýany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025