Kanun ertekisi

Olar kanun goran bolar,
bozulan ýa bozulmadyk,
öz iliňde, ýa ýat ilde,
eken, diken günäkär bor,
hiç gözellik galmaz gülde...

Uly ogry, aklawçyly
bolan bolsaň başga gürrüň,
zeriň, zoruň oýny başga,
kanunlary goraýan ýok,
dünýä sygmaz malyň bolsa,
nirden aldyň, soraýan ýok,
başga gürrüň çörek atly,
sen pyýada bolsaň yzda,
köçä çykan talaňçylar,
kanun gorap gyşda, ýazda,
bolman saklap, ýürek bular.

Bar diýerler adam haky,
bardyr, dogry, alyp bilseň,
galyp bilseň bir derejä,
bagdan miwe ýolup bilseň,
ýuwup bilseň, suwuň bolsa,
iýip bilseň, dişiň bolsa,
wah, dag arman diýip geçmän,
çörek berýän işiň bolsa,
mätäç millet başy aşak,
dil, agyzsyz saklanylar,
müýnli däldir hiç bir ezýän,
olar Watan goran bolar.

Gorkar adam, bir ilde däl,
hemme ilde eziji bar,
sütem bardyr san-sajaksyz,
garşy çykan ýazgarylar,
ýeke galar kanun diýse,
öňki dostlar, pikirdeşler
ýeňsesinden taýak salar,
köne duşman, köp garaşan,
içde galan aryn alar,
utanç, haýa nirde diýseň,
olar kanun goran bolar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025