Ýöntem oýny

Sen bilmedik bolmalysyň,
bilseň ýa-da bilýäniňi
bildireňde näme bolar,
näme galar saňa ertir,
gözüň ýeter, günüň galsa
ezijiler sürüsine,
sen olaryň köp alýanyn,
az berýänin işledip kän,
üstesine gowy bolup,
hajy bolup oýnaýanyn
bilmedik bol, ýöne näçe,
haçana çen çydap bolar,
sen öz agyň aglamasaň,
gaýgy etmez seni olar.

O žurnalist, näçe ýazsyn,
näme diýsin, gelip bilmez,
seni ezýän ezijiniň
agylyndan alyp bilmez,
diýmek, seniň çykalgaň ýok,
sen bilmedik bolmalysyň,
işlemeli näçe diýse,
iýdirmeli hakyň iýse,
ilki özüň, soň çagalar
gul bolmaly soňuna çen,
soň aç bolup, egbar düşüp,
ölseň öýde ýa-da ýolda,
sen ölmedik bolmalysyň,
ýa öleniň, ýakyn-ýadyň
bilmeli däl derdi näme,
iň esasy, düşünseň-de,
düşünýäniň bildiräýme!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025