Aldawçy sabyr

Sen özüňi aşak basyp,
näçe uzak köşeşdirseň,
sabyr etseň näçe uzak,
ýa kanagat, daşlaşarsyň,
ýat bolarsyň özüňe has,
ynanmaýan dostlaryňa,
göre-bile niýetlerin,
ynanýandan bolup oýnap,
söýen bolup näzenini,
gülen bolsa ýalan, aýnap,
soň adalat, söýgi, wepa
gelende-de tapmaz seni,
ýa-da tapyp, tanap bilmez,
özün ýoklan ili kimse
halas etmez, idäp gelmez.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025