Akyl soragy
Akyl asla görünmezmiş
ýok adama özünde hiç,
ýöne gürrüň, erteki bar,
uzyna ol gelermiş giç,
almasa-da gitmän käte,
üstesine akyl satýan
kän il-günde açman dükan,
mugt paýlaýan alynmasa,
artyp, belki, özünden kän,
artan ýaly etli gutap,
haýsy gowy, bolmasa ol
bolýarmy ýa gowy çydap?