Haçana çen?
Injili iňlis diline terjime edeni üçin ýazgarylan William Tyndale jeza meýdanynda toba etmekden boýun gaçyryp: “Hudaý, Angliýanyň patyşasynyň gözlerini aç” diýip gygyrypdyr.
Ýüz ýyl geçip, mamla çykýar,
Jeza berlip öldürlen är;
Gep diňe bir adamda däl,
Giňi ýüz ýyl tesdirýär dar.
Ýagtyny tesdirýär tümlük,
Agy gara heläk edýär;
Köplük azaşýar ümürde,
Öňe diýip, yza gidýär.
Şondan onuň çyrasyny
Öçürjek kän üfläp, ýykyp;
Ýüp oklajak azlyk oňa,
Gitmäge çukurdan çykyp.
Hiç bir adam garaňkyda
Oturjak däl güni ýaşyp;
Emma haçana çen millet
Geler çyna asyr aşyp?
()