Ýol oýlanmasy

“Ol ýigitler görde ýagşy, Başy gowgaly bolmasa.” Magtymguly

Ýaradandyr ozal çykaran ýola,
Çykan dälsiň oňa çykaýyn diýip.
Ol seni ýetirer menzile bir gün,
Ýetip bolmaz oňa öz-özüň iýip.

Ýaradandyr ozal ýürege aýgyt,
Başa pikir beren, inkär ediljek.
“Sen inkär etmäni inkär etmeli, –
Diýendir ol – şonda seňki bor geljek!”

Ýaradandyr ýykylaňda galdyran,
Ýa dönjek bolaňda ýoluňdan, saklan.
Sen yzyňa bakma, öňüňe seret,
Boljak bolsaň iýen duzuny haklan!

Meger, bu ýol berilmeýär her kime,
Ýa-da ony her kim almaz boýnuna.
Kim dünýe malyna, kim ada çapar,
Haka çapan boýun bor hak oýnuna...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019