Türkmen-sowet imany
Ýat illerde, ýat döwletde türkmençe
ýeke sözi eşitmedik adamlar,
ýöne gülýän türkmenbaşy diýilse,
ynanýarlar çagasyna türkmeniň,
artyk sorag bermeýärler, wagtynda
möhür basyp berip gerek kagyza,
hoşlaşýarlar güler ýüzli, Aşgabat,
gaşyn çytyp garşy alýar ertesi,
ary köýen ýaly gidenden göýä,
ýa-da ýolda duran garakçy ýaly,
uçar menzilinden başlanýar synag,
öz ilinde, öz dilinde, ýatlar däl,
ýakynlary gynap alýar çagany,
oglany ýa gyzy bolmaz pidanyň,
işin edýän, ýurdun goraýan bolup,
diňe gerek zady soraýan bolup,
nirä barsa, emel ýeten adamlar,
ynanmaýar çagasyna türkmeniň,
sözi, anty, kasamlary biderek,
ynanmaýar onuň ýat ilde alan
kagyzynda ýazylana, diýlene,
ýa bahana tapýar: ol eýle, beýle,
bar, git, düzet, ilçihana täzeden,
eýle däl-de, beýle ýazsyn sözlemin,
ilçihana haýran galýar, ýöne ýat,
kesekiler ýene bitirýär işin,
hoşlaşýarlar adam ýaly, ýylgyryp,
a türkmenler, garaşdyrýar bolmanda,
dünýä sögüp, galan onuň göçünden,
nirä barsaň, seredip dur eliňe,
dile düşmez nadan diýip içinden.