Ýeri...

Ýeri, adam ýatyrmyş-da,
Gapy, penjiresi açyk;
Duýmanmyş-da geleniňi,
Gitjekmi öý urup gaçyp?

Ýeri, adam dilsizmiş-dä,
Sesi çykjak däl-dä netseň;
Boldugymy urup, talap,
Gülüp öz ýoluňa gitseň?

Ýeri, adam gözsüzmiş-dä,
Görmeýär-dä barýan ýolun;
Sen ony gorpa gapgaryp,
Goparjakmy döşün, golun?

Ýeri, adam ýaragsyzmyş,
Galamy barmyş elinde;
Sen ony awtomat diräp,
Asyp goýjakmy dilinden?

Ýeri, adam ýekemişin,
Taşlananmyş garyp görlüp;
Sen ony nökerleň bilen
Ýer-ýegsan etjekmi sürnüp?

Ýeri, adam gorkýarmyşyn,
Sebäbi sen açgöz, zalym;
Sen onuň rysgyny iýip,
Özüňe diýjekmi alym?

Ýeri, adam ejizmişin,
Gyrgyndan geçipdir uzak;
Sen onuň çagasyn talap,
Ertire gurjakmy duzak?

Ýeri, millet ýer hem ýesir,
Ugur-ýolun ýitirpdir;
Sen ony ýoluňa düşäp,
Ýörejekmi dikgir-dikgir?

Ýeri...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024