Naçar halk
Çagasyna çagalykdan
kitap okap beren adam,
çagasynyň gözündäki
ýagtlygy gören adam,
onuň ertir pikir näme,
ýa ýagtylyk, bilmeýäne
çyra bolup biljegini,
o bir ýurtdan çilim däl-de,
kitap alyp geljegini,
gorkuzjagyn ezijini,
taşlanjagyn çyg çukura,
ýa gaçjagyn deňiz aşyp,
obasyna zar boljagyn
pikir etmez, gaýgy etmez,
gaýgy eder naçar halky,
kitap üçin wagt tapmadyk,
gözlän, ýöne ýalňyş ýerden,
boş wadadan bagt tapmadyk...