Şükür dagy
Il ullakan bolmasa-da,
azalsa-da uzak gyrlyp,
ýazýany bar arasynda,
aýdýany bar, pikir edip,
ýa-da gaty pikir etmän,
bir zatlary diýjek bolýan,
oňa, muňa taýak salýan,
ýa güýmeýän öz-özüni,
okap bolsa, ýa diňleseň,
il ogluny, il gyzyny,
biri çynar, biri derek,
beýlekisi sazak, ýöne
müň gepinden biri gerek,
emma okan, diňlän azlyk,
ýa düýbünden guran ýaly,
pyntyk, gunça görünmeýär,
oňa derek çydaýan kän,
obasynda ýa-da gidip,
agyr güne, döredilen,
geçer diýip, şükür edip.