Aldaw begenji
Sen bir samsyk geplemeseň,
boş gürrüňe sesiň goşup,
ýa ýaryşyp bilen bolýan,
gülen bolýan samsyk bilen,
a gepleseň, gepi sowýan,
başga tarap, arabozar,
bu nä derdim diýseň, gitseň,
dagda, düzde gezseň, ýitseň,
ýa gyrada gulak dykyp,
ses-sedasyz işiň etseň,
garasöýmez bolarsyň sen,
agzyboşlar birleşerler,
gürleşerler, hüňür-hüňür,
getirerler, ýetirerler
gürrüňlerin, çöpmi-çöňür,
diýlen zady gaýgy etseň,
ýa-da alsaň ýüregiňe,
öz gepine ýesir bolan,
öz-özüni türmä salan,
dar tiräniň, galak obaň
çukurynda galarsyň sen,
üşäp, ýakyp merdiwanyň,
çykmak üçin sallasalar,
näme üçin begenýän kän,
öz-özlerin aldasalar?