Galamyň bolsa
Gahar edip o birini,
bu birini kesekleme,
ýa daş zyňma uzak ýerden,
ürküzmeseň gargalary,
bitirjek hiç işi ýokka,
durmuş agyr, çyşyrymly,
düşünerler näme etseň,
näme diýseň ýa diýmeseň,
görkezersiň ýagdaýyňy,
derejäňi, ýöne käte,
hatda türmä atsalar-da,
eliň ýetse, kitap oka,
ünsüňi sow ýagdaýyňdan,
ýagdaýyndan ýagylaryň,
giňe biraz, galam tapsaň,
kagyz tapsaň ýaz owadan,
betgelşik däl pikirleriň,
galar ýaly, daş, kesek däl,
guş ürküzen bolmaz ýaly,
hatda ganym bolan agza
nälet sözün almaz ýaly.