Fakt

Meniň goşgym bolman bolsa gadagan,
boşluga, kaşlyga gitmezdi köpler.
Meniň goşgym bolman bolsa gadagan,
dilliler lal bolup dymmazdy, gepläp
derdin, ýanýan zadyn aýdyp bilerdi,
gadaganlyk diňe däl meniň derdim.

Gadaganlyk diňe däl meniň işim,
ýa-da problemam çözmeli ýalňyz.
Meniň goşgym bolman bolsa gadagan,
okardy arkaýyn garyp oglan, gyz,
işlärdi hem durmuş gurardy gowy,
neşe çukuryna bökmegiň ýerne,
akylly köp bordy akmagyň ýerne,
türmeler dolmazdy boş galyp gujak,
gömülip galmazdy müňlerçe ojak...

Meniň goşgym bolman bolsa gadagan,
“gul bazary” döremezdi Ahalda.
Parahor emeldar, açgöz agalar
ýesir ýaly daramazdy mähellä.
Işsiz, gallaç köpelmezdi on esse,
açlyk at çapmazdy oba-şäherde.
Çagalar mekdepde aýylyp essi,
ýykylmazdy ýa-da galmazdy öýde
aýakgabym ýok diýip,
kitap tapylardy okara söýüp,
“Ruhnama” bela bolup gelmezdi,
az bordy göýdügen zehini köýüp...

Meniň goşgym bolman bolsa gadagan,
ýalan beýle başa çykmazdy örňäp.
Hatar-hatar kgbeşnik, ministr,
ýa başga emeldar girmezdi türmä...

Olar ilki begenipdi özlerniň
goşgy ýazmaýanna, okamaýanna,
hemem ynanypdy, bu onuň işi,
derdi däl düýpden,
sebäp öz çagasy gurgun, aýaly
hüňürdänok her gün gelende işden,
aýlygyň ýa gazanýanyň az diýip,
toý-tomaça gidýär pommahyn geýip...

Meniň goşgym bolman bolsa gadagan,
oňaran çagasyn daşa gaçyryp,
pena gözlemezdi ýat ilden iliň;
ýa-da çörek gözläp aýalyn, gyzyn
ýeriň ol ugjuna ugratmazdy hiç,
otyrka üstünde altynyň, puluň?

Ýok, men muny özüm üçin aýdamok,
özüm üçin heçjiklämok bu sözi,
görnüp duran zady çeýnäp berýärin,
umyt edip açsam diýip bir gözi,
bir gulagy, bir beýnini, akyly,
alsyn diýip hakyny!

Megerem adamy çörege daňlyp,
bir yzyndan ylgandan soň duruzmak,
pikir etdirmek kyn özi barada,
sebäp ajyň aňy bolmaýar asla,
ol diňe çöregi görýär öňünde,
emma çörek atly, adam pyýada,
ýogsa uçar münüp, kowýar ol ony,
emma ýetip bilmän, ýa çala ýetip,
ýene ylgamasyn etdirýär dowam,
sen oňa hiç ses ýetirip bilmeýäň...

Meniň goşgym bolman bolsa gadagan,
(bu bir yşaratdy erkiň öljegne!),
türkmen beýle güne düşmeli däldi.
Ol indi bir şu gün üçin ýaşaýar,
şu gün üçin göreşýär,
eli ýetmän geljegne...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024