Gahar we gülki
The purpose of literature is to turn blood into ink. T.S. Eliot
Saňa näme meniň iki, üç willam,
saňa näme işikdäki maşynym,
saňa näme kenarýaka şäherler,
ol ülkede, bu ülkede, gezekli,
elim degse baryp, çyrşara goşgy,
saňa näme bolsa aýlygym uly,
ýa bolmasa malyň ýeterlik yşgy,
sergezdan bolmasam onuň yzynda,
oňa derek goşgy... ýa ýazsam kyssa,
bu nämüçin saňa çekdirýär gussa,
bu nämüçin seni etmeli hassa,
bu nämüçin seni etmeli däli,
ýa terisne, sorag bersem özüňe,
seniň özüň willaň dälisi dämi,
seniň özüň malyň dälisi dämi,
däli dälmiň şöhrat üçin, at üçin,
nä günlere saldyň yzyň zat üçin?
Saňa näme meniň haly, kilimim,
ýa pes boldy, ýa-da beýik bilimim,
ýa hezilin görýän bolsam dilimiň,
başym goýup ynanjyma, ýat üçin,
bir keseki üçin näme ol asla,
ýa bolýarmy köşeşdirseň özüňi,
özüňe bolarlyk erteki toslap?
Ýöne muny sorap, diýjegim başga,
şükür, pälim daňmaz döwük kersene,
bolsa, diýýän pullaryňa alynan,
jaýlarymyň salgylaryn bersene?!.