Garalawçynyň işi

Bize aklawçyny köp gördi hudaý,
ir aparyp Gurbanmyrat Nyýazy*.
Oň ýerine garalawçy eçildi,
garga diýip gömjek ýaşylbaş gazy.

Dogry, adam güýmenmeli bir işe,
hem bolşuna görä lezzet almaly.
Biri galam uçlar, edinip pişe,
beýlekisi ony döwýän bolmaly.

Ýöne garalawçyň işi başgarak,
ol her etjek, ýaman etjek Sokraty.
Soň ony tanajak, biljek ýok asla,
Sokratyň ýanynda gelmese ady.

Meger, garalawçy hut şunuň üçin,
içiniň garasyn çekip ýüzüne,
işi-pişesini garalyk edip,
pitjiň atar başgaň ýürek sözüne.

Bize aklawçyny köp gördi hudaý,
ir aparyp Gurbanmyrat Nyýazy.
Indi garalawçym ýeke gygyrýar,
başarsa, meň üçin gyş etjek ýazy.

Emma başarmaýar, sebäbi sowat,
düşünjesi ýuka, ýigrenji galyň.
Beýle adam öz-özüni horlaýar,
tagamyny bilmän durmuşyň, balyň.

Onsoň göreş diýip düşünýär eger,
birlerine kesek atsa, topulsa.
Adam garalawçy bolmazdy, meger,
elinden başgarak iş-hünär gelse...

*1995-nji ýyldaky aklawçym, soň türmede öldi.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024