Öz-özüňi öldürme

Aýak bolma öz ýüzüňden basmaga,
el bolma atanak çekjek özüňe.
Saňsar daşy bolma öz depäň üçin,
öz barmagyň sokma görer gözüňe.

Syrtmak bolma öz-özüňi asmaga,
pyçgy bolma kesjek oturan şahaň.
Endik etme öz-özüňden gaçmaga,
arzan satma özüň kemeldip bahaň.

Öz gara günüňe çarpma eliň,
öz-özüňi ýykyp, ili güldürme.
Baş atma özüňe çykaryp höküm,
öz-özüňi gorky bilen öldürme...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019