Düýş

Aýaklarym meni götermeýärdi,
dyzymda galmandy bir zerre ysgyn.
Dag başyndan başşak uçmajak bolup,
gyýçak gara daşy bagryma basdym.

Kömege geljek ýok, ilim aşakdan
barýar “öz ýodasyn” külterläp, söküp.
Aýaklarym meni götermeýärdi,
çäräm ýokdy garap galmasam çöküp...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019