Seniň diýýän adamlaryň

Seniň diýýän adamlaryň ýok, ýok, ýok,
seniň diýýän illeriň-de ýok, ýok, ýok,
senem onuň ýa-da munuň diýýäni,
isleýäni, garaşýany bolma, ýok,
biljekler az yhlasyňy, ylgama,
ýetjek bolma giden otlyň yzyndan,
ýygnajak ýok ýolda galsaň, ýykylsaň,
ýaralansaň, melhem isläp, garaşma,
her kim özi öýkesinde, öýünde,
kiçi ýolsun, uly bolsun, ýaşaýar,
sen kösenme, il möhümin bitirip,
pikir edip ile kömek edýäniň,
edip bilen işleriň et, oýun däl,
oýun ýaly görünse-de köpüsi,
gaýgy etme näme diýer il diýip,
seniň diýýän adamlaryň ýok, ýok, ýok
seniň diýýän illeriň-de ýok, ýok, ýok,
sen bileňok adam näme aslynda,
ýa nähili bolmaly ol bolanda,
bu bir synag, bir ile däl, bar ile,
hemme geçip, ýa ýykylyp öwrenýär,
diňe sen däl, tanaýan ýok özüni,
tanaýan ýok illeri-de, pikiri,
aladasy alyp gaçýar adamy,
alyp gaçýar gaýgylary, ýitirýär,
seniň diýýän adamlaryň ýok, ýok, ýok,
olar seni aýlap, dolap özüňe,
ýa özüňden has uzaga getirýär...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026