Ertekide ýaşama
Hiç kim hakyň bermez saňa,
daşyn dolap ak kagyza,
gök kagyza, ýa saçaga,
alaý diýip, aýal dogan,
güläý diýip, jan gardaşym,
ýa diýilse birki gezek,
iki-ýeke gowy bolsa,
bagtyň gelse, ykbal gülse,
mydam şeýle bolar diýme,
hak mydama geler diýme,
öz-özünden, aýak bitip,
bir ganatsyz guş, naçar ol
iýjek köplük haky ütüp...
Durmuş şeýle, kisäňdäki
soňky iki şaýyň alyp,
çöregini çilip çagaň,
saňa akyl berer ýolda,
ýa öwreder kanunlary,
iň ownugy garakçynyň,
ýa-da öwüt, ündew eder,
iki gözi elde molla,
imanly bor häsin berseň,
ertekide ýaşama sen,
tana adam, gözüň görse...
Belki-de ol günäkär däl,
için dökse, gynanarsyň,
çagasyna iýdirjekdir,
iýmedigin adam ogly,
çagasyna geýdirjekdir,
geýmedigin adam ogly,
görsün diýer görmedigim,
gezsin diýer gaýgy-gamsyz,
ildeşiňdir, keseki däl,
duşmanyň däl ata-baba,
käsi eziz obadaşyň,
käsi daşgyn, babadaşyň,
emel ýeten üleşikde,
tanyş tapyp, düşünýärsiň,
seni talap, ony talap,
gazanmaly bergi, borjun
üzmek üçin, bolma sada,
eger özüň soramasaň,
kimse hakyň bermez, adam!