Ölümden öňki ölüm
Emel ýeten nadara,
akyl-huşy artyk däl,
bolan gerek ýerinde,
aýdan gerek sözleri,
ýetim ösen aç bolup,
ýa-da ene, ataly,
edep, ekram bermedik,
baran ýeri ogurlyk,
gepi alyp, sataly,
gazanaly wagtynda,
tiz tanatdy ýakasyn,
ownap çykan tagtynda,
pesiň pesi, pis boldy,
ýurt atýatak, artylman,
içi, daşy ys boldy...
Sus diýmänkä susanlar,
ýa-da gürlän geregin,
bilip, görüp ýüregin,
syzyp gelýän belany,
il başyna, ýeke däl,
goşa-goşa, has beter,
boldy orden, medally,
diýdi biri arada,
ölmedik edýär heder...