Aýt, adam

Hakykat sen esger bol,
serkerde bol, gerekdir,
uruş bolsun, gykylyk,
ýa galmagal bolmasyn,
bolsun asman arassa,
guşlar uçsun erkana,
zerurlykdyr dogry söz,
kim bolsaň bol, garaşma,
goýma ony başgalar
aýtsyn, diýsin, men daşda
tomaşaçy bolaýyn,
bir bolmasy iş bolsa,
aman-esen galaýyn,
başym salman etege,
diýip sümme ketege,
towuklaryň ýanynda
bolma horaz, edenli,
aýtman biler başgalar,
ýa-da goldar ýalany,
tapyp ugrun, emelin,
senden beter, köp bilip,
iň soňunda kim ýanjak,
senmi ýa-da ýedi ýat,
ýa ýakynyň, iň eziz
adamlaryň ýitirjek,
seret ýurda, nireden
nirä geldi, ne halda,
nirden çykdy adamlar,
tomaşaçy düýnki gün,
ýa çagasy güleniň,
aýt, gizleme bileniň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026